15-16-njy aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ra­lan fo­ru­ma 40-a go­laý döw­let­iň hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň 30-dan gow­ra­gy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­dylar. Bu çä­re BMG-niň eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny, ab­raý­ly hal­ka­ra, se­bit we se­bi­ta­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de ma­li­ýe dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny, hu­su­sy ul­ga­myň, hö­kü­me­te da­hyl­syz bir­le­şik­le­riň, yl­my to­par­la­ryň we­kil­le­ri­ni bir­leş­dir­di.
Mi­nistr­ler mas­la­ha­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň (DÇBÖBD) dur­nuk­ly ulag we onuň bi­len bag­ly dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry ul­ga­myn­da ga­za­nan ösü­şi­ni sel­jer­mek­den, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy pan­de­mi­ýa­sy­nyň we beý­le­ki we­him­le­riň tä­si­ri­ni kes­git­le­mek­den yba­rat­dyr. Şeý­le hem COVID-19-dan soň­ky di­kel­diş üçin ula­gyň esa­sy or­ny ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­si­ri­ni azalt­mak we oňa uý­gun­laş­mak bi­len bag­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy.
Fo­ru­myň we­zi­pe­le­ri ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­syn­dan soň, dü­zü­mi ma­li­ýe­leş­dir­mek, onuň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin bi­lim­le­ri, tej­ri­bä­ni we in­no­wa­si­on çe­me­leş­me­le­ri – çöz­güt­le­ri alyş­mak, DÇBÖBD-de ulag dü­zü­mi­niň ösü­şi­ni we teh­ni­ki taý­dan hyz­mat edi­li­şi­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin mas­la­hat­la­ry hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri ýü­ze çy­kar­mak, DÇBÖBD-niň bäh­bit­le­ri üçin ulag ul­ga­myn­da hal­ka­ra gol­da­wy­ny gi­ňelt­mek hem-de bu ul­gam­da hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak fo­ru­myň esa­sy we­zi­pe­le­ri bol­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu fo­ru­my bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çir­mek baş­lan­gy­jy Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan öňe sü­rül­di hem-de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 2021-nji ýyl­da ka­bul edi­len Ka­rar­na­ma­da ber­ki­dil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag ul­ga­myn­da tä­ze hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­di
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra wi­deo ýüz­len­me­si­ni iber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ra ibe­ren wi­deo ýüz­len­me­sin­de «Gel­jek iň uly hal­ka­ra we se­bit de­ňiz, der­ýa, aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry­na hem-de ho­wa mer­kez­le­ri­ne çyk­mak, ola­ryň amat­ly ut­gaş­ma­sy we her­si­niň ar­tyk­maç­ly­gyn­dan peý­da­lan­mak bi­len bir­leş­di­ri­len ulag ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na de­giş­li­dir» di­ýip bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­syn­da ulag ul­ga­myn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ýurt­la­ryň bäh­bit­le­ri­ni go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len we BMG-niň de­giş­li dü­züm­le­ri bi­len yzy­gi­der­li iş alyp bar­jak ýö­ri­te iş to­pa­ry­ny dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­se­lä se­ret­me­gi tek­lip et­di.
Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň äh­lu­mu­my ulag hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ösü­şin­de we ony pug­ta­lan­dyr­mak­da or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da­ky Re­zol­ýu­si­ýa­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gi­riş­mä­ge wag­tyň ýe­ten­di­gi­ne hem aý­ra­tyn üns çek­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nyg­taý­şy ýa­ly, şol res­mi­na­ma bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň bäh­bit­le­ri­ni öňe sür­mä­ge ne­ti­je­li iter­gi ber­mä­ge, de­giş­li me­se­le­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni açyp gör­kez­mä­ge we ola­ra dü­şün­mä­ge ýar­dam be­rer.

BMG-niň Baş sek­re­ta­ry dur­nuk­ly ulag he­re­ket­le­rin­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge ça­gyr­dy
Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­reş ýüz­len­di.
Ýüz­len­mä­ni BMG-niň az ösen döw­let­ler, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler hem-de ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li ha­nym Ra­bab Fa­ti­ma oka­dy.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp barýan döw­let­le­riň ulag ara­bag­la­ny­şy­gy­ny go­wu­lan­dyr­ma­gyň ýo­lun­da uly päs­gel­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny aý­dyp, öz ha­tyn­da deň­siz­li­gi çuň­laş­dyr­ýan we ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne dur­nuk­ly bol­ma­dyk saz­la­şyk­syz dü­zü­miň, ser­het­den ge­çil­ýän köp san­ly no­kat­la­ryň bar­dy­gy­ny, çyl­şy­rym­ly üs­ta­şyr we ser­het çä­re­le­ri­ni esa­sy bök­denç­lik­le­riň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Gat­naw­lar­da bök­denç­lik­ler, ýo­ka­ry ulag çyk­da­jy­la­ry COVID-19 pan­de­mi­ýa­sy ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­kan goş­ma­ça kyn­çy­lyk­la­ryň ha­ta­ryn­da bel­le­nil­di.
Ýüz­len­me­de ulag ul­ga­my­nyň ozal­ky ösüş ýo­lu­na düş­me­gi, şeý­le hem deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň BMG-niň ho­wan­dar­ly­gy­na do­ly bil bag­lap bil­mek­le­ri üçin bi­le he­re­ket et­me­giň mö­hüm­di­gi nyg­tal­dy.
Şeý­le-de, ge­og­ra­fi­k me­se­le­le­ri­ň çö­zül­me­gi üçin in­no­wa­si­ýa­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry do­ly de­re­je­de bi­le­lik­de ulan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti, şeý­le hem deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler üçin ara­gat­na­şy­gyň dur­nuk­ly ösü­şi ba­bat­da ta­gal­la­la­ry bi­rik­dir­me­giň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di.

Ýo­ka­ry we­kil ho­şal­lyk bil­dir­di
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry we az ösen döw­let­ler, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler hem-de ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li ha­nym Ra­bab Fa­ti­ma fo­ru­ma san­ly ul­gam ar­ka­ly go­şul­dy.
Ol du­şu­şy­gyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi hem-de bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň de­re­je­sin­de ulag ul­ga­my­ny dur­nuk­ly ös­dür­mek­de öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de alyp bar­ýan işi we fo­ru­my ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­ren­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­r­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler yg­ty­bar­ly ulag dü­zü­mi­ne we se­bit­le­ýin hem-de dün­ýä söw­da­sy­na iş­jeň gat­naş­mak üçin ne­ti­je­li üs­ta­şyr gu­ral­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ga­raş­ly bo­lup dur­ýar­lar.
Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ulag ba­bat­da se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak, üs­ta­şyr ugur­la­ry gi­ňelt­mek üçin onuň ka­da­laş­dy­ryş-hu­kuk bin­ýa­dy­ny we dü­züm­le­ýin gu­ral­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek, san­ly ul­ga­my iş­jeň­leş­dir­mek, ge­çel­ge­le­riň işi­ne gol­daw ber­mek üçin oý­la­ny­şyk­ly sy­ýa­sa­ty iş­läp taý­ýar­la­mak, şeý­le hem müm­kin bo­lan äh­li çeş­me­ler­den ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ni çek­me­giň ha­sa­by­na eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa we ne­ti­je­li ulag ýol­la­ry­ny ös­dür­mek, ulag dü­zü­min­dä­ki päs­gel­çi­lik­le­ri ara­dan aýyr­ma­gyň esa­sy bäş ug­ry hök­mün­de gör­ke­zil­di.

Hal­ka­ra mas­la­hat­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk döw­let­le­riň bü­tin­dün­ýä to­pa­ry­nyň baş­ly­gy, Bots­wa­na Res­pub­li­ka­sy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li, il­çi Kol­len Wik­sen Ke­la­pi­le, BMG-niň Af­ri­ka üçin Yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry je­nap Ped­ro An­to­nio, Bü­tin­dün­ýä güm­rük gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry dok­tor Ku­nio Mi­ku­ri­ýa, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň Baş sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Sa­ýed Moh­sen Es­per, Hal­ka­ra aw­to­mo­bil ulag­la­ry bir­le­şi­gi­niň Baş sek­re­ta­ry je­nap Um­ber­to De Pret­to, «Ýew­ro­pa–Kaw­kaz–Azi­ýa» Hal­ka­ra ulag ge­çel­ge­si­niň (TRACECA) Hö­kü­me­ta­ra ko­mis­si­ýa­sy­nyň he­mi­şe­lik sek­re­ta­ria­ty­nyň Baş sek­re­ta­ry Aset Asaw­ba­ýew, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Ýol­çu­la­ry­nyň hö­kü­me­ta­ra ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Bu­ri Ka­ri­mow ýa­ly ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­ler çy­kyş edip, fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edi­len­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze we Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. Olar fo­ru­myň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da aý­dyp, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­de ýa­kyn­laş­mak­da, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da dür­li ýurt­la­ryň ulag ul­gam­la­ry­ny bir­leş­dir­ýän ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň mö­hüm or­nu­ny bel­le­di­ler. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, yk­dy­sa­dy işiň we dur­nuk­ly ösü­şiň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de bu ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da umu­my ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy nyg­tal­dy.

Hal­ka­ra fo­rum ple­nar mej­lis­ler gör­nü­şin­de öz işi­ni do­wam et­di
«COVID-19 pan­de­mi­ýa­syn­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş üçin ulag ara­gat­na­şy­gy­ny go­wu­lan­dyr­mak we ma­li­ýe­leş­dir­mek üçin baş­lan­gyç­lar we çöz­güt­ler ba­ra­da tej­ri­be alyş­mak» at­ly ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki bi­rin­ji mej­lis «Awa­za» kong­res­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ril­di.
Mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de pan­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüş üçin ulag gat­naw­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak hem-de ma­li­ýe­leş­dir­mek bo­ýun­ça baş­lan­gyç­lar hem-de tek­lip­ler be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ulag öza­ra bag­la­ny­şy­gy­nyň esa­sy me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy. Bu öza­ra bag­la­ny­şyk ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy se­bäp­li tu­tuş dün­ýä­de çäk­len­di­ri­lip­di, ol aý­ra­tyn-da, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň söw­da hem-de ulag gat­na­şyk­la­ry­na ýa­ra­maz tä­sir et­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ge­zek­ki du­şu­şy­gyň esa­sy mak­sa­dy has ýo­ka­ry hil­li, des­sin hem-de yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li ulag hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­mek ar­ka­ly yk­ly­ma­ra söw­da hem-de sy­ýa­hat­la­ra gol­daw ber­mek­de köp ýurt­la­ryň hem-de gu­ra­ma­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny bir­leş­dir­mek­den yba­rat­dyr.
Türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri döw­le­ti­mi­ziň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri ba­ra­da aý­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň ulag bo­ýun­ça esa­sy hal­ka­ra kon­wen­si­ýa­la­ra gat­na­şy­jy bol­mak bi­len, BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň bu ugur­da­ky dört Ka­rar­na­ma­sy­ny, hu­su­san-da, «Dur­nuk­ly mul­ti­mo­dal üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge ýar­dam et­mek mak­sa­dy bi­len ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­syn­da hem­me­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry üp­jün et­me­giň ýo­lun­da», «Dur­nuk­ly ösüş üçin hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy üp­jün et­mek­de ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­niň or­ny», «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak bi­len bag­ly­lyk­da, ulag­la­ryň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek», «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry­ny ka­bul et­mek baş­lan­gy­jy bi­len çy­kyş eden­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Umu­my mej­li­siň bar­şyn­da çy­kyş eden Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Hy­ta­ýyň, Pa­kis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Ma­la­wi­niň, Bur­ki­no-Fa­so­nyň, Eý­ra­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Er­me­nis­ta­nyň, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň, Gru­zi­ýa­nyň ugur­daş mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­ne hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň to­pa­ry­na bu çä­rä­ni ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­la­ry eden­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da­ky äh­lu­mu­my çök­gün­lik ulag ul­ga­myn­da­ky ara­gat­na­şy­gyň hem-de dur­nuk­ly­ly­gyň hem­me­ler üçin ile­ri tu­tul­ýan ugur bol­ma­ly­dy­gy­ny gör­kez­di. Olar deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar­da söw­da ba­bat­da­ky kyn­çy­lyk­lar ba­ra­da aý­dyp, bu me­se­lä­niň çöz­gü­di­niň amal­la­ryň tä­ze nus­ga­la­ry­ny, ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy­ny, dur­nuk­ly we bäs­deş­li­ge ukyp­ly ulag hem-de üs­ta­şyr ul­gam­la­ry­ny dö­ret­mek üçin ma­li­ýe­leş­dir­me­gi we tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gy ta­lap ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.

Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ga­za­ny­lan tej­ri­be­ler we me­se­le­ler
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da «Ber­ka­rar» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ri­len mej­lis­ler­de «We­na he­re­ket­ler mak­sat­na­ma­sy­nyň ulag ara­gat­na­şy­gy­nyň anyk we­zi­pe­le­ri­ne hem-de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ga­za­ny­lan tej­ri­be­ler we me­se­le­ler», şeý­le hem «Pan­de­mi­ýa­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin ulag ara­gat­na­şy­gy­ny ma­li­ýe­leş­dir­mek – esa­sy me­se­le­ler we çöz­güt­ler» di­ýen ugur­la­ra ga­ral­dy. Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan ulag ul­ga­myn­da se­bit we dün­ýä möç­be­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­mä­ge, onuň has oňaý­ly gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga gö­nük­di­ri­lip öňe sür­len ne­ti­je­li baş­lan­gyç­la­ryň wa­jyp­dy­gy we ola­ra is­le­giň ulu­dy­gy nyg­tal­dy.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da ne­ti­je­li ugur­la­ryň dö­re­dil­me­gi deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň to­pa­ry­nyň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýa­kyn­laş­ma­gy üçin örän wa­jyp­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hyz­mat­daş­ly­gyň bu ugur­da­ky bar bo­lan kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi­ne üns çe­kil­di.
Pi­kir alyş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de fo­ru­myň we­kil­le­ri şu mas­la­ha­tyň aw­to­mo­bil, de­mir ýol, de­ňiz we ho­wa ýol­la­ry­ny özü­ne bir­leş­dir­ýän ulag ul­gam­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly ös­me­gi­ne, bu ul­gam­da giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek üçin in­ter­mo­dal lo­gis­ti­ki mer­kez­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam et­me­li­di­gi ba­ra­da umu­my pi­ki­ri aýt­dy­lar.
Şeý­le hem fo­ru­myň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň we­kil­le­ri bi­len bir­nä­çe da­şa­ry ýurt­la­ryň we­ki­li­ýet­le­ri­niň ara­syn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da se­bi­tiň we dün­ýä­niň dün­ýä yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek tä­ze ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we ozal he­re­ket ed­ýän­le­ri­ni gi­ňelt­mek bo­ýun­ça gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry na­za­ra al­mak bi­len, hyz­mat­daş­ly­gyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

«Aş­ga­bat pro­se­si: ara­bag­la­ny­şy­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin ma­li­ýe­leş­dir­mek» at­ly mas­la­hat
16-njy aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra mas­la­hat öz işi­ni ta­mam­la­dy. «Aş­ga­bat pro­se­si: ara­bag­la­ny­şy­gy pug­ta­lan­dyr­mak üçin ma­li­ýe­leş­dir­mek» at­ly mas­la­hat Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da gu­ral­dy.
Fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler­de ulag ul­ga­myn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy­nyň ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­nyň, şu ba­bat­da ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň pan­de­mi­ýa­sy­nyň we beý­le­ki we­him­le­riň tä­si­ri­ni kes­git­le­me­giň umu­my bäh­bit­le­re has anyk göz ýe­tir­mä­ge, ga­ra­ýyş­la­ryň ýa­kyn­laş­ma­gy­na, hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň tä­ze nus­ga­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Aş­ga­bat yla­la­şy­gy­na gat­na­şy­jy döw­let­le­riň, hu­su­san-da, Eý­ra­nyň, Oma­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň we­kil­le­ri şu üs­ta­şyr ulag ge­çel­gä­niň ugur­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Şeý­le hem teh­ni­ki hä­si­ýet­li me­se­le­le­riň bir­nä­çe­si­ne ga­ral­dy. We­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ry Aş­ga­bat yla­la­şy­gy­na gol çe­ken döw­let­le­riň lo­gis­tik mer­kez­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni we or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, äh­li ýurt­la­ryň lo­gis­tik mer­kez­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Mej­li­siň jem­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ulag we üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça Ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şiň 2-nji mej­li­si­niň Öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma­sy ka­bul edil­di.
Mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Mol­do­wa Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da hal­ka­ra aw­to­mo­bil gat­na­wy ha­kyn­da­ky Yla­la­şyk; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ulag mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da hal­ka­ra aw­to­mo­bil da­şa­ma­la­ry ös­dür­mek ba­bat­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň «Türk­men­de­ňiz­der­ýa­ýol­la­ry» agent­li­gi bi­len Gru­zi­ýa­nyň De­ňiz ulag agent­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da­ky Äht­na­ma bar.
Şeý­le hem fo­ru­myň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň wekilleriniň da­şa­ry ýurt­ly we­kil­ler bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň, gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän ta­rap­la­ryň tä­ze ulag-lo­gis­ti­ka ugur­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gat­naş­mak müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ulag mi­nistr­le­ri­niň hal­ka­ra mas­la­ha­ty­nyň Jem­leý­ji Be­ýan­na­ma­sy ka­bul edil­di. Jem­leý­ji mej­li­siň bar­şyn­da fo­ru­myň we­kil­le­ri ta­ra­pyn­dan iki gü­nüň do­wa­myn­da ge­çi­ri­len işiň ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di.