Germaniýanyň ozalky kansleri Angela Merkel bu wezipede işlän döwründe köp sanly daşary ýurtly migranty ýurda kabul edendigi üçin ÝUNESKO-nyň Parahatçylyk baýragyna mynasyp boldy. Halkara guramanyň internet sahypasyndaky beýanata görä, bu ýylky parahatçylyk baýragy Merkele gowşurylar. Beýanatda Parahatçylyk baýragynyň eminler toparynyň başlygy Denis Mukwege Merkeliň 2015-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen 1,2 milliondan gowrak migranty kabul etmek baradaky kararynyň emin agzalaryna çuňňur täsir edendigi bellenildi. Mukwege Merkeliň taryh üçin sapak goýandygyny mälim etdi.
ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule bolsa, Merkeliň migrantlar meselesindäki tagallalaryna hormat goýýandygyny aýdyp, “Parahatçylygy üpjün etmek, kynçylyklyk çekýänlere gapyňy açmakdyr” – diýip belledi.
Baýragyň gowşuryljak wagty mälim edilmedi.
Angela merkel 2005-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli Germaniýanyň hökümetine ýolbaşçylyk edipdi.