Pandemiýanyň yzda galmagy bilen ýurtlar serhetlerini açýarlar, çäklendirmeleri azaldýarlar ýa-da ýeňilleşdirýärler. Ýaponiýa koronawirusa garşy 3 sanjym alan daşary ýurtlulardan koronawirus barlagynyň otrisateldigi baradaky kepilnamany ýatyrmak kararyna geldi. Täze düzgün 7-nji sentýabrda güýje girer. Bu barada maglumat beren Premýer-ministr Fumio Kisida ýurda gelmek üçin göz öňünde tutulýan beýleki ýeňillikleriň degişli ministrlikler tarapyndan ýakyn wagtda yglan ediljekdigini aýtdy. Şeýle hem Kisida ýakyn wagtda ýurda gelýän daşary ýurtlularyň sanyny artdyrmak üçin hem degişli çözgüdiň kabul ediljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda Ýaponiýa her gün 20 müň daşary ýurtly myhman barýar. Bu görkezijiniň 50 müňe ýetirilmegi maksat edinilýär. Ýurtda hereket edýän düzgünlere laýyklykda, Ýaponiýa girmek üçin “Pfizer”, “Moderna”, “AstraZeneca“, “Janssen”, “Bharat Biotech” we “Novavax” ýaly kompaniýalaryň sanjymlary ykrar edilýär.