“Volvo”, “Polestar”, “Geometry” we “Zeekr” ýaly birnäçe brendi özünde jemleýän Hytaýyň “Geely” kompaniýasy ýylyň birinji ýarymynda elektroulag satuwyny 500 göterim artdyrypdyr. Awtoulag ägirdi zarýad berip bolýan gibrid hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligini we satuwyny görnetin artdyrandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň girdejisi hem geçen ýylyň degişli döwründäkiden 29 göterim köpelip, 58,12 milliard ýuan (8,5 milliard dollar) bolupdyr. 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda zarýad berilýän gibrid hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy bilelikde hasaplananda, 398 göterim artyp, 109 müňe ýetipdir. Diňe elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy bolsa, 520 göterim artyp, 85 müň 820 bolupdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 13 müň 851 bolan eken. Kompaniýanyň adaty ýangyçly ulaglarynyň satuwy bolsa 9 göterim azalypdyr. Kompaniýanyň wekilleri nebit ýangyjy bilen işleýän ulaglara bolan islegiň peselýändigini mälim edýärler.

Kompaniýa elektroulag modelleriniň sanyny hem artdyrýar. Häzirki wagtda “Radar” atly ýolsuz ýerden ýöreýän pikap hem-de SUV modelleri işlenip taýýarlanýar. Bu ulaglar hem elektrik energiýasy bilen işlär.