Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy­nyň hü­när­men­le­ri um­man­la­ry zir-zi­bil­ler­den aras­sa­la­mak ba­bat­da kö­pu­gur­ly kam­pa­ni­ýa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Eger adam­za­dyň bir ge­zek­lik plas­ti­ki gap-gaç­la­ry ulan­ma­gy bes et­me­dik ha­la­tyn­da, 2050-nji ýyl­da dün­ýä­niň dür­li kün­je­gin­dä­ki de­ňiz­ler ba­lyk­dan köp plas­ti­ki ma­te­ri­al­lar­dan do­lar.
Şo­nuň üçin BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bu ugur­da gö­reş al­nyp ba­ryl­ýar. Oňa eý­ýäm köp san­ly dün­ýä bel­li sun­gat us­sat­la­ry we beý­le­ki şah­sy­ýet­ler gol­daw ber­di. Ola­ryň ha­ta­ryn­da aý­dym­çy Jek Jon­son hem-de mo­da gör­ke­zi­ji Had­ýa Hu­ta­ga­lung hem bar. Olar hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni plas­ti­ki ma­te­ri­al­la­ry ulan­ma­gy bes et­mä­ge ça­gyr­ýar.
Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­ne gö­rä, um­man­la­ra zy­ňyl­ýan zir-zi­bil­le­riň kem-kem­den daş­ky gur­şa­wyň ýa­ra­maz­laş­ma­gy­na ýi­ti tä­sir ed­ýän­di­gi bel­le­nip ge­çil­ýär. Şo­ňa gö­rä, de­ňiz­ler­dä­ki zir-zi­bil­le­riň 80 gö­te­ri­mi­ni plas­ti­ki ma­te­ri­al­lar tut­ýar. BMG-niň ýaý­ra­dan mag­lu­ma­ty­na gö­rä, her ýyl de­ňiz­le­re 8 mil­li­on ton­na­dan gow­rak plas­ti­ki ha­pa­lar taşlan­ýar. De­ňiz­le­ri zir-zi­bil­ler­den go­ra­mak kam­pa­ni­ýa­sy Ba­li ada­syn­dan baş­la­dy. Şol ýer­de um­man­lar bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sam­mi­ti ge­çi­ril­di.
Hä­zir­ki wagt­da 60-njy ýyl­la­ra ga­ra­nyň­da, 20 es­se köp plast­mas­sa önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Ola­ryň üç­den bir bö­le­gi ha­ry­dyň da­şy­ny gap­la­mak üçin ula­nyl­ýar. 2050-nji ýy­la çen­li bu önüm­çi­li­giň ýe­ne-de 3-4 es­se kö­pel­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu ugur­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ýyg­jam­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len 5-9-njy iýun ara­ly­gyn­da Nýu-Ýork­da mas­la­hat ge­çi­ri­ler hem-de de­kabr aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Ke­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Naý­ro­bi­de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­hat geçiriler.