Alymlar Grenlandiýanyň kenarlarynda aýsbergleriň birini öwrenýän wagty ýaşyl reňkli ýagty saçýan balygyň üstünden bardylar. Demirgazyk polýusdaky äpet buzuň aşagyndan tapylan balyk alymlary hem haýran galdyrdy. Balygyň damarlaryndaky «antifriz proteinleri» onuň ýagty saçmagyna sebäp bolýar. Mundan 50 ýyl ozal Antarktikadaky balyklaryň sowuk suwda nädip ýaşap bilýändikleri öwrenilýärkä proteinleriň bardygy anyklanypdy. Amerikan Tebigat taryhy muzeýiniň ylmy işgäri, Nýu-Ýorkuň şäher uniwersitetiniň Baruç kollejiniň biologiýa professory Dewid Gruber: «Balykgulak balygy aýsbergleriň arasynda, aýryklarda ýaşaýan balyklaryň birnäçe görnüşinden biridir. Şeýle kiçi balygyň aşa sowukda doňmazdan ýaşap bilmegi haýran galdyryjy» diýip belleýär.
Ýaşyl ýagtylyk buzly suwda balygyň beden temperaturasyny goramaga ýardam edýär. Sowuk ganly balykgulaklaryň we mör-möjekleriň käbir görnüşiniň beden temperaturasy sowap, bedenindäki suwuklyklar doňan halatynda hem diri galyp bilýärler. Balyklarda bolsa, aşa sowuk suwda ýaşaýşyny dowam etdirip bilmekleri üçin «antifriz proteinleri» bolýar. Bu antifriz 0 derejeden hem pese düşýän temperaturada balygyň ýaşamagyna şert döredýär.
Täze tapylan balyk ganynyň düzümindäki proteiniň mukdarynyň köpdügi we Demirgazyk polýusda ýaşamagy bilen ozalky açyşlardan tapawutlanýar. Mundan ozal şeýle balyklar adatça, Antarktika golaý deňizlerde gabat gelýärdi.
Bedeni ýagty saçýan deňiz jandarlary adatça, ummanyň Gün şöhlesiniň ýetmeýän garaňky, sowuk we çuň gatlaklarynda ýaşaýarlar.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijeleri baradaky ylmy makala «Evolutionary Bioinformatics» atly žurnalda çap edildi.