26-njy awgustda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleri hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Şu aýda Lebap we Mary welaýatlaryna amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda ýerlerde bugdaý ekişine taýýarlyk hem-de gowaça ideg etmek işleri bilen tanşylandygy bellenildi. Mundan başga-da, bu ugurda işleriň depginini ýokarlandyrmak üçin zerur wezipeler kesgitlenildi. Suwuň ýitgisini azaltmak we suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hem hasabat berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri, tagt suwuny tutmak hem-de ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri utgaşykly dowam etdirilýär.
Wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmagynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm, jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýetip gelendigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu möwsümleýin işleri çalt we ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, bugdaýyň bol hasylynyň ýetişdirilmeginiň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda 2-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berip, asylly däbe görä, hormatly ýaşulularymyzdan ekişi “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. “Her bir dänäňiz müň bolsun, edermen gallaçylar!” diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.