26-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän türkmen-özbek geňeşmelerine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norowy we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili A.Kamilowy kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen salamyny, mähirli sözlerini ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassykladylar.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin öz adyndan hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Şawkat Mirziýoýewe we Özbegistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi esasy ugur edinýändigini belledi. Iki goňşy halky asyrlaryň dowamynda emele gelen ruhy däpleriň, taryhy-medeni gatnaşyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça ýörite wekili hem-de dostlukly ýurduň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna netijeli häsiýetiň mahsusdygy, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygy sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňyn binýat bolup durýar. Şunda özbegistanly myhmanlar köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, sebitleýin derejede özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin möhüm şert hökmünde syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmek üçin uly geljegiň we giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýul aýynda Özbegistana bolan döwlet saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljekki ugurlary duşuşygyň esasy meseleleriniň birine öwrüldi.

Şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek, senagat ugry boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary peýdalanmak we innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmekde tejribe alyşmak türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, şu we beýleki meseleleriň oňyn çözülmeginde türkmen-özbek pudagara geňeşmeleriniň yzygiderli geçirilmegine möhüm orun degişlidir.

Iki doganlyk ýurduň we halklaryň arasyndaky netijeli, uzak möhletleýin gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, söhbetdeşler onuň netijeli durmuşa geçirilmeginiň üpjün edilmegine taýýardyklaryny nygtadylar. Duşuşygyň ahyrynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz we myhmanlar birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitleri nazara almak esasynda ýola goýulýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.