Şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) nobatdaky sammiti geçiriler. Onuň işine hormatly myhman hökmünde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşar. Bu barada 26-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow bilen geçirilen duşuşykda bellenip geçildi. Duşuşykda özbek myhmanlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer diýip nygtadylar.