«E Ink» kompaniýasy çeýe displeýli «Gallery 3» elektron kitabynyň konseptini görkezdi. Bu barada ABŞ-nyň «The Verge» web-saýty habar berýär. Bu elektron kitapda sekiz dýuýmlyk elektron-syýa esasly çeýe ekran bar. Eplenen halatynda enjam adaty kitaba meňzeýär. Indiki sahypany açmak üçin enjamy ýapyp açmaly – şeýlelik bilen, enjam agdarylýan kagyz sahypalaryna öýkünýär. Şeýle hem ulanyjy täze sahypany açmak üçin ekrana galtaşyp biler.
Elektron kitap reňkli şekilleri görkezip biler: munuň üçin adaty ekranda gyzyl, ýaşyl we gök pigmentleri öz içine alýan reňk süzgüji ýerleşdirilýär. Enjam 300 dpi durulykda 50 müňden gowrak reňk görkezip biler. Sahypanyň täzeleniş tizligi bir ýarym sekunt töweregi.