Amerikan Milli Awiasiýa we Kosmos Edarasy (NASA) 10 ýyldan bäri üstünde işlenýän missiýasyny taýýar etdi. Bu taslamanyň çäklerinde adamzadyň Aýa aýak basmagyndan 50 ýyldan hem köp wagt geçenden soňra Aýa gaýtadan gitmek üçin ilkinji ädim ädiler. NASA-nyň “Space Launch System” (SLS) atly kosmos gämisi “Orion” atly kapsulany Aýyň orbitasyna äkider. 29-njy awgustda uçurylmagy meýilleşdirilen göteriji raketa tehniki näsazlyklar sebäpli 3-nji sentýabra süýşürildi. SLS NASA-nyň häzire çenli taýýarlan iň kuwwatly raketasy. “Orion” kapsulasy Aýyň daşynda 42 gün aňlanandan soňra Ýere gaýdyp geler. 50 ýylyň dowamynda kosmos tehnologiýasynda köp zat özgerdi. “Artemis I” atly bu syýahatyň kosmonawtly amala aşyryljak “Artemis II” missiýasyndaky töwekgelçilikleri azaltmagy maksat edinilýär.
“Orion” kapsulasy mundan ozal 2014-nji ýyldaky synag uçuşynda Ýeriň daşyndan aýlanypdy. “SLS-Orion” adamly missiýasy bolan “Artemis 2”-niň 2024-nji ýylda uçurylmagyna garaşylýar. Bu uçuşa gatnaşan astronawtlar Aýa aýak basmazlar. Mundan ozal adamzat soňky gezek 1972-nji ýylda Aýa barypdy. “Artemis 3” taslamasy 2025-nji ýylyň ahyrynda amala aşyrylyp, oňa gatnaşýan kosmonawtlar Ýeriň hemrasyna bararlar.
Häzire çenli “Artemis 2” hem-de “Artemis 3” missiýalaryna gatnaşjak astronawtlar kesgitlenmedi. Emma Aýyň haýsy nokadyna gonuljakdygy kesgitledi. Munuň üçin 13 ýer belli edilip, ilkinji missiýa tamamlanandan soňra gonuljak ýer şolaryň arasyndan saýlanar.
“Artemis” missiýasynyň esasy maksady Aýyň hemişe garaňky bolýan we milliardlarça ýylyň dowamynda emele gelen doňan suw massalarynyň bardygy çaklanylýan ýerleriniň üstüni açmakdan ybarat. Bu buzlaryň geljekde içimlik suw ýa-da ýangyç hökmünde ulanylmagy göz öňünde tutulýar.