Geçirilen barlaglaryň birinde saz guralyny çalmagy öwrenmegiň pikirlenmek ukybyny ömürlik artdyrýandygy ýüze çykaryldy. Şotlandiýadaky Edinburg uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren barlagyna görä, adamyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda saz guralyny çalyp bilmegi we öz saz guralynyň bolmagy garran çagynda hem pikirlenmek ukybyna täsir edýändigi anyklandy.
Barlag 366 adamda geçirilip, olaryň 117-si çagalyk we ýetginjeklik döwründe haýsydyr bir saz guralyny çalmagy öwrenipdirler. Olaryň köpüsi pianino çalyp bilýän bolsa, akkordeon, gitara we skripka çalmagy bilýänler hem bar eken.
Barlagyň netijeleri «Psychological Science» žurnalynda neşir edildi. Barlag adamyň sosial-ykdysady ýagdaýy, bilim alan ýyly we çagalyk ýyllaryndaky beýleki ukyplary nazarda tutulanda hem saz öwrenmegiň peýdalydygyny ýüze çykarypdyr.
Aýgözel TOÝLYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.