Şu gün, 2-nji sentýabrda ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine köpçülikleýin girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Şu ýyl Ahal ýaýlasynyň janypkeş oba zähmetkeşleri geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine taýýarlykly geldiler. Bugdaýyň ýerli toprak-howa şertlerinde bol hasyl berýän «Miras», «Kalym», «Alekseiç»,  «Batko», «Bezostaýa — 100», «Ýuka», «Bagrat», «Sähraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk» ýaly görnüşleriniň ýeterlik mukdardaky tohumy taýýarlandy. Bu bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylda 195 müň gektarda ekiş geçirmegi hem-de şol ýerden 400 müň tonna guşgursak ak bugdaýy ýetişdirmegi belent maksat tutunan ahally daýhanlara jogapkärli möwsüme guramaçylykly girişmäge şert döretdi. Ekişde welaýat boýunça ekijileriň 412-siniň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak üçin ähli zerur şertler üpjün edildi.

Balkan welaýatynda 50 müň gektara azyklyk bugdaý tohumy ekilip, ondan geljek ýylyň orak möwsüminde azyndan 80 müň tonna guşgursak däne hasylyny almak maksat edinilýär. Ekijiler tirkelen kuwwatly traktorlaryň 80 sanysyna erk etjek mehanizatorlar iki çalşykda işläp, möwsümiň agrotehniki talaplara laýyk geçirilmegini gazanarlar. Demirgazyk welaýatyň gallaçy babadaýhanlary 145 müň gektar meýdanda ekiş geçirip, 265 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Ekiş möwsüminde ýeňil traktorlaryň 2300-si, ekijileriň 520-den gowragy, sürüm traktorlarynyň hem 600 sanysy bökdençsiz işlediler.

Şu ýyl Jeýhun ýakasyndaky sebitde bugdaý ekmek üçin 130 müň gektar meýdan bölünip berildi. Welaýatda indiki ýylyň orak möwsüminde 310 müň tonna guşgursak bugdaý hasylynyň ýygnalynmagyna garaşylýar. Şu ýyl ilkini gezek bugdaýyň türkmen seçgiçileri tarapyndan döredilen «Berkarar», Russiýa Federasiýasyndan satyn alnan «Alekseiç» we «Bezostyý — 100» görnüşleri hem ekiler. Öňde duran möwsümde welaýatda däne ekijileriň 277-siniň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Olaryň 207-si etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna degişlidir. Ekişde işlediljek ýer tekizleýjileriň 263-si taýýar edildi. Bulardan başga-da, dişli boronalaryň we malalaryň 8410-sy abatlanyldy.

Murgap jülgesiniň ekerançylary şu möwsümde ak ekini 170 müň gektarda ekmegi meýilleşdirýärler.  Bugdaýa niýetlenen ýerleri şüdügärlemek we  tekizlemek işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirildi.  Şu möwsümde meýdanlaryň esasy bölegine «Ýolöten-1», «Ýolöten-3», «Batko», «Bagrat» ýaly synagdan geçen tohumlar ekiler. Ekiş möwsümi üçin 39 müň  tonnadan gowrak tohumlyk däne  taýýar edildi. Welaýat boýunça möwsümde 231 sany bugdaý ekiji tehnikany ulanmak meýilleşdirilýär.