2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ideg etmek işleri bilen bir hatarda, pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly başlanmagyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler durmuşa geçirilýär. “Ak altyn” hasylyny bellenilen möhletde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň çig maly üznüksiz kabul etmegi üçin degişli işler alnyp barylýar. Pagtany ýygnamakda we daşamakda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny, traktorlary, tirkegli traktorlary netijeli ulanmak maksat edinilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyza il içinde hormatlanýan ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 7-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 14-nji sentýabrda pagta ýygymyny başlamaga ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiz hormatly ýaşululardan ýygymy “Bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.