2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiligini netijeli durmuşa geçirmek, ugurdaş düzümleri has-da ösdürmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, üstaşyr ýük daşalyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu ulgamda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, daşary ýurtlardan Türkmenistana gelýän hem-de ýurduň çäklerinden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini halkara tejribelere, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, halkara ýük daşamalar ulgamynda häzirki zaman talaplaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler, şol sanda multimodal ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge degişli teklipler taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gatnawlaryň yklymüsti ýollarynyň strategik çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan uly mümkinçilikleri has doly derejede ulanmagy maksat edinýändigini nygtady. Ýurdumyz netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreleri görüp, oňyn başlangyçlary öňe sürmek bilen, köpugurly sebit hem-de ählumumy ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegine anyk goşandyny goşýar. Döwlet Baştutanymyz üstaşyr geçirmek we beýleki ugurdaş işleri güýçlendirmegiň hem-de sanly ulgam arkaly ösdürmegiň bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde, goşulyşma işlerini çuňlaşdyrmakda esasy ýagdaýlaryň biri bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etdirip, hemme degişli meseleleri içgin seljermegi tabşyrdy.