2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň bilim, sport we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna taýýarlanan birnäçe teklipler, hususan-da, ÝUNESKO we onuň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip hödürlenildi.

Ýurdumyz 2017 — 2021-nji ýyllaryň dowamynda bu komitetiň agzasy bolmak bilen, onuň işine işjeň gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanyň dalaşgärligini bu komitetiň düzüminde 2023 — 2027-nji ýyllar üçin agzalyga hödürlemek hem-de geljek ýyllarda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport meselelerine jogapkär ministrleriň halkara maslahatyny geçirmegiň mümkinçiliklerine seretmek teklip edilýär.

Bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär

Şunuň bilen bir hatarda, ÝUNESKO bilen ylym-bilim ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmek, Birleşen Milletler Guramasynyň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy tarapyndan geçirilýän çärelere talyp ýaşlary çekmek boýunça teklipler beýan edildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 16 — 19-njy sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde ÝUNESKO-nyň guramagynda geçiriljek Bilim ulgamyny özgertmek boýunça bütindünýä sammitiniň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär

Sport ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde Halkara Olimpiýa Komiteti hem-de Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 2 — 5-nji oktýabrynda Kamboja Patyşalygynyň Pnompen şäherinde geçiriljek Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 41-nji Baş Assambleýasyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy baradaky teklip beýan edildi. Şeýle-de ýakyn ýyllarda ýurdumyzda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Häzirki wagtda abraýly halkara sport guramalary, hususan-da, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin açylýan täze mümkinçilikler öwrenilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Halkara sport lukmançylygy federasiýasynyň agzalygyna girmegi boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde, hususan-da, GDA-nyň ugurdaş geňeşi bilen bedenterbiýe we sport ulgamynda özara gatnaşyklar netijeli häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek boýunça anyk teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda 2023 — 2025-nji ýyllaryň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmegiň mümkinçiligine garamak teklip edildi.