2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek hem-de bu işler üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada hasabat berdi. Geçirilen bäsleşigiň jemleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Dost gurluşyk, söwda, önümçilik” hojalyk jemgyýetiniň teklibi has amatly hasaplandy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu hojalyk jemgyýeti bilen degişli şertnamany baglaşmak baradaky teklip hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz beýan edilen teklibi makullap, ýurdumyzda isleg bildirilýän gurluşyk serişdelerini öndürmäge ýöriteleşdirilen iri kärhanalaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi.