2-nji sentýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli çäreleriň meýilnamasyny hödürledi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna gabatlanan forum berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini giňden wagyz etmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen geçirilýär.
5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guraljak halkara maslahatyň barşynda Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň wekilleri daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ozal baglaşylan halkara resminamalaryň ýerine ýetirilişi, geljekki edilmeli işler we öňde duran wezipeler barada pikir alşarlar. Onuň işine sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan sergini guramak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wagyz etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.