Eýsem, siz daşyndan göräýmäge kiçijik garpyza çalym edýän gurçugy görüpmidiňiz?! “Eloasa simfonists” atly gurçuk edil şeýle jandar. Bu jandaryň daşky görnüşi süýri garpyza meňzeş bolup, ululygy 1-2 sm bolýar. Bu jandar şeýle görnüşini öz ösüş döwrüniň belli bir böleginde – kebelege öwrülýänçä saklaýar. “Garpyz” gurçugy örän haýal hereket edip, tropik we subtropik sebitleriň ýaşaýar. Ol ösümlikleriň şireli ýapraklary, miweleri, baldaklary bilen iýmitlenýär. Belli bir wagtdan soň goňur reňkli pileleri sarap başlaýar we ondan goňur reňkli, ululygy 3 sm töweregi bolan kebelek çykýar. Pilesi örän berk bolup, onuň berkligini düzüminde kalsiý bolýar. Erkek kebelek ganatlaryndaky gara çyzyklary bilen ene kebelekden tapawutlanýar.
Garpyz şekilli gurçuk özüniň ajaýyp hem täsin daşky görnüşi bilen görenleri haýran galdyrmak bilen, gözel tebigatymyzyň bir bölegidir.
Oguljeren Hudaýnazarowa,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby