Häzirki wagtda dünýäniň ilatynyň artmagy bilen azyk önümlerine isleg barha ýokarlanýar. Şäherleşmegiň artmagy bilen oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin täze çözgütler durmuşa geçirilýär. Köp şäherde beýik binalaryň üçeklerinde dürli gök önümler, iýmitlik otlar hatda miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanalarda emeli ýagtylyk arkaly ekinler ösdürilip ýetişdirilýär.
Şeýle çözgütleriň biri hem akwaponika balyklary ösdürip ýetişdirmek bilen gidroponikanyň birleşdirilen ýokary tehnologiýaly ekerançylyk usulydyr. Emeli usulda döredilen bu ekoulgam janly organizmleriň üç esasy görnüşine esaslanýar; suw jandarlary, ösümlikler we bakteriýalar.
Akwaponika usulynyň aýratynlyklary barada aýdylanda, bu edil öý haýwanlarynyň, guşlaryň ýa-da beýleki käbir jandarlaryň dersiniň dökün hökmünde ulanylmagyna meňzeýär. Akwaponikada suw jandarlarynyň galyndylary ösümlikler üçin iýmit hökmünde ulanylýar. Suw jandarlary az konsentrasiýalarda özlerinden azot, kaliý, fosfor birleşmelerini we kömürturşy gazyny çykarýarlar. Bu ýagdaý bolsa himiki dökünleri ulanmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Dökün bermek, gaýtadan işlemek, arassalamak prosesi tebigy we ýapyk aýlawda bolýar. Şeýlelikde, akwaponika tebigy aýlawa meňzeýär.
Bu usul arkaly kelem, reýhan, noýba, nohut, turp, pomidor, sogan ýaly ekinler ösdürilip ýetişdirilýär. Döredilen ulgam näçe uly bolsa, şonça köp balyk saklap bolýar.
Akwaponikany gurnamak üçin balyk saklanýan akwarium, ösümlik tohumlary, suw üpjün etmek üçin suw nasosy, suwy kislorod bilen üpjün etmek üçin howa nasosy we biofilter zerurdyr.
Akwaponikany gidroponika bilen deňeşdirilende bu ulgam köp maksatly peýdalanylýar, ýetişdirilýän hasylyň düzüminde nitrat az bolýar, derbisid we pestisid ýaly oba hojalyk dermanlary ulanylmaýar, topragy we suwy tygşytlap bolýar, hasyllylygy toprakda ýetişdirilenden iki esse ýokary bolýar we zähmet güýjüni az talap edýär.
Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
PDF









