Türkiýäniň THY (Türk Howa Ýollary) kompaniýasynyň Stambul-Mançester gatnawyny amala aşyrýan uçarynda nigeriýaly bir ýolagçy lukmanyň we uçarbeletleriň ýardamy bilen gyz bäbegini dünýä inderdi. Angliýanyň Mançester şäherine barýan uçarda Nweke Ifeoma atly zenanyň burgusy tutup başlady. Uçarbeletler göwreli zenany başga bir bölüme geçirdiler. Şeýle hem ýolagçylardan lukmanyň bardygy barada soraldy. Netijede, sagdyn ýagdaýda dünýä inen bäbegiň göbegi uçarda kesildi. Soňra bolsa, uçar Awstriýanyň paýtagty Wena gondy. Bu ýerde nigeriýaly zenan bilen bäbegini saglygy goraýyş işgärleri kabul edip aldy. Olar hassahana äkidildi. Şeýle ýagdaý seýrek ýagdaýda bolsa hem gabat gelýär.
Adatça uçarbeletler ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin degişli okuwdan geçýärler.