UEFA Çempionlar Ligasynda täze möwsümde soňky çempion “Real Madrid” “F” toparçada myhmançylykda “Seltik” toparyndan 3-0 üstün çykdy. Karim Benzema 30-njy minutda şikes alyp, meýdançany terk eden oýnunda (ornuna Edin Hazar girdi) 1-nji ýarymda hasap açylmady. Madridlilere ýeňiş getiren gollary Walwerdeniň owadan pasyndan soň Winisius Junior (56), Luka Modriç (60) hem-de Edin Hazar (77) derwezä girizdi. Modriç soňky 57 ýylda UÇL-de gol geçiren iň ýaşuly really futbolçy boldy. Edin Hazar bolsa karýerasyndaky 200-nji goluny geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda-da “Şahtýor Donesk” myhmançylykda “Leipsigi” 4-1 hasabynda ýeňdi. Ukrain toparynyň bu ýeňşi garaşylmadyk ýeňiş hökmünde görlüp, olara 3 utuk getiren gollaryň 2-sini Şwed (16, 58), beýlekileri-de Mudryk (76) bilen Traore (85) öz atlaryna ýazdyrdylar.