Şu gün Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» şygary bilen geçirilýän «Köneürgenç türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesidir» atly maslahaty öz işine başlady.
Oňa ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekilleri, Daşoguz welaýat häkimliginiň, welaýatyň muzeýleriniň we «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri, mirasy öwrenijiler gatnaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde Daşoguz şäher häkimliginiň binasynda milli gymmatlyklarymyzyň sergisi boldy. Onda Köneürgenç ýadygärlikler toplumynyň dikeldiş işlerinde ulanylan kerpiç bölekleri, XVIII — XX asyrlara degişli gadymy suw saklanýan ybryk, golça, gor küýze, el halyçalar, torbadyr horjunlar, Köneürgenç ýadygärlikler toplumy şekillendirilen nakgaşlyk eserleri görkezildi.
Maslahatyň baş maksady ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň gadymy ýadygärlikler toplumlaryny gorap saklamakdan, gaýtalanmajak gadymy sungaty geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.
Bu çäre 10-njy sentýabra çenli dowam eder. Onuň dowamynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärliklerine, Gadymy Uzboýyň hanasyna, Diýarbekir galasyna, Aşyk Aýdyň pir, Ybraýym Edhem, Nalaç baba, Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumlaryna syýahat ediler. Netijede, agzalan ýadygärlikler toplumlarynyň ÝUNESKO-nyň maddy medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy barada hödürnama taýýarlanar.
Ýeri gelende belläp geçsek, Ysmamyt ata ýadygärlikler toplumynyň Ärsary baba, Mäne baba, Gözli ata, Saragt baba ýadygärlikleri bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem meýilleşdirilýär.