7-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministri  Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Tani bilen duşuşygy geçirildi.

Diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.

Şeýle hem, taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda
BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler. Sebit hem-de dünýä derejelerinde häzirki bar bolan ýagdaýlaryň nazarda tutulmagynda iki ýurduň syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ulgamlardaky meseleleriň giň toplumy babatyndaky özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirmegiň derwaýyslygy nygtaldy.