Hytaýyň “Contemporary Amperex Technology Limited” (CATL) kompaniýasy bilen “BMW Grup” täze ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, nemes awtoulag öndürijisi “Neue Klasse” platformasynda dörediljek elektroulaglar üçin 2025-nji ýyldan başlap batareýa öndüriler. Batareýanyň bölekleri CATL-yň Hytaýda we Ýewropada guruljak zawodlarynda gurlar. Bu önümçilik desgalarynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 20 GW/sagat bolar.
“BMW eDrive” tehnologiýasy bilen üpjün ediljek “Neue Klasse” platformaly modellerinde energiýanyň dykyzlygy, zarýad alyş tizligi we bir gezekki zarýady bilen geçýän ýoly babatda uly öňegidişlik gazanylar.
Jemşit Babagulyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby