Hytaýyň “Tencent” kompaniýasy “Assassin’s Creed” we “Far Cry” oýunlaryny işläp taýýarlan “Ubisoft”-yň 49,9 göterimlik paýnamasyny satyn aldy. Munuň üçin “Tencent” fransuz şereketine 297 million dollar maýa goýum bölüp berdi. “Tencent” “Ubisoft”-yň paýnamalaryna gönüden-göni satyn almagyň deregine 200 million ýewrolyk paýnamasy hem-de 100 million ýewrolyk maýasy bolan “Guillemot Brothers Limited” kompaniýasynda 297 million dollar maýa goýum goýdy. “Tencent” kompaniýasynyň başlygy Martin Lau “Ubisoft”-yň gyzykly oýunlary döretmegini dowam etdirýändigini we oýunlaryň käbirlerini mobil enjamlar üçin işläp taýýarlaýandygyny mälim etdi.
Aýnur Kurbanowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.