Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, wagyz etmek, dutarda ýerine ýetirijilik hem-de bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we höweslendirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, özleriniň ýerine ýetirijiligi bilen aýratyn tapawutlanan dutarçy bagşy-sazandalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:
“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar” müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň “Galkynyş” folklor toparynyň 1-nji derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Murad Dowletowiç Aşirow;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat-hojalyk kärhanasynyň “Laçyn” tans-saz folklor toparynyň 1-nji derejeli artist-wokalisti Öwezgeldi Orazgeldiýewiç Amanow;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Döwlet Annageldiýewiç Daňatarow;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Hojaguly Öwezgylyjowiç Hojagulyýew;
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Döwletgeldi ogly Durdyýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Täzegül Jumanýaz gyzy Atajanowa;
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Mekan Jumaýewiç Jumageldiýew;
Lebap welaýatynyň Halaç etrap medeniýet bölüminiň çeper höwesjeňi Haýytmyrat Jumageldiýewiç Illiýew;
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurban Çaryýewiç Çaryýew;
Mary welaýat medeniýet müdirliginiň Oguzhan etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Omor Garmämmedowiç Şiriýew;
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ogulnabat Annamämmedowna Berdiýewa.