400 million ýyllyk özgerişlikler akulalaryň immun ulgamyny kämilleşdirdi we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny has-da ýokarlandyrdy. Bu hem akulalaryň uzak wagtlap ýaşamagyna mümkinçilik döretdi. Akulalar dürli şikesleri çalt özleşdirmek ukybyna eýedirler.
Şotlandiýanyň Aberdin uniwersitetiniň alymlary akulalaryň immun ulgamyny öwrenýärler. Ol hem geljekde dürli keselleriň öňüni almaga mümkinçilik döretjek täze dermanlaryň döredilmegine mümkinçilik berer. Akulalaryň bedeninden bölüp çykarýan beloklary öwrenilip, olaryň esasynda adamlaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýän derman serişdelerini taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu ugurda geçirilen ilkinji synaglaryň gowy netijeler berendigi bellenildi.
Kakageldi BAGYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.