Elektron kitaplarynyň halkara güni her ýylyň 18-nji sentýabrynda ulanyjylaryna elektron kitaplary, audiokitaplary, aýdym-sazlary we wideolary hödürleýän ABŞ-nyň “OverDrive” kompaniýasynyň başlangyjy bilen bellenilýär. “OverDrive” 1986-njy ýylda esaslandyrylyp, ilkibaşda analog mediany elektron formata (disketa we CD) öwürmekde ýöriteleşdi. Internet sanly köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ýaýratmagyň öňdebaryjy serişdesine öwrülen badyna, kompaniýa hyzmatlaryny onlaýn görnüşe geçirdi we “Content Reserve” sanly ammaryny açdy. “OverDrive” 2014-nji ýylda elektron kitaplarynyň halkara gününi elektron göterijilerden kitap okamaga höweslendirmek üçin döretdi. Elektron kitaplar islendik ýerde okamaga mümkinçilik berýär. Torbaňyzdaky ýeri tygşytlamaga, awtobusda, otluda, uçarda wagty hem okamaga kömek edýär. Kitap söýüjiler köp sanly kitabyň elektron nusgasyny kiçijik elektron okyja ýüklemek arkaly, islendik ýerde okap bilýärler.

Bahar GAZAKOWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy