Sosna agajy daşky gurşawy goramakda iň peýdaly agaçlaryň biri hasaplanýar. Ol özinden köp mukdarda fitonsid bölüp çykarmak bilen, atmosferany arassalaýar. Onuň gozalary saglygy bejermekde dermanlyk hasaplanýar.

Sosna gozalary witaminlere (A, B, P, С, K), antioksidantlara, efir ýagyna baýdyr. Sosna gozalaryndan taýýarlanýan mürepbeler, şerbetler we dürli hili şireler  müňýyllyklardan bäri adamlaryň saglygyny bejermekde, ýagny, ýürek-damar, dem alyş ulgamyny bejermekde, immuniteti berkitmekde gowy derman bolup hyzmat edýär.

Beýniniň işini sazlaýjy. Sosna gozalary B witamine juda baýdyr. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, B witamini nerw ulgamynyň işini sazlaýar, ýatkeşligiňi ösdürýär, neýrodegeneratiw (Alsgeýmer keseli) ýagdaýlaryň öňüni alýar. Düzüminde antioksidantlaryň köp bolmagy sebäpli beýni dokumalarynyň gipoksiki şertlere uýgunlaşmagyna ýardam berýär.

Immuniteti güýçlendiriji. Sosna gozalaryndan taýýarlanan mürepbe A we С witaminleriň hazynasy hasaplanýar. Ol bolsa immunitetiň kadaly işi üçin zerur bolup durýar. Iňlis hünärmenleriniň pikirine görä A witamini adamyň ýokanç kesellere garşy işjeňligini ýokarlandyrýar, çiş keselleriniň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. С witamini hem deň derejede gymmatly goşant goşýar. Askorbin kislotasy immun ulgamynyň ähli düzümleriniň sintezini çaltlaşdyrýar, zeper ýeten dokumalary täzeleýär, infeksion kesellerden goraýar.

Arterial basyşy peseldiji. Sosna gozasynyň düzüminde köp mukdarda fitonsid gory bar. Ol gan plazmasyndaky  kataholominiň we arterial basyşyň derejesini peseldýär. Gipertoniki keselleriň öňüni alýar.

Raka garşy göreşiji. Sosna gozalarynda saklanýan antioksidantlar bedeni erkin radikallardan we düwnik keselninden gorap saklaýar.

Süňkleri berkidiji. Eýran alymlarynyň pikirine görä, sosna gozalarynyň düzümindäki K witamini süňkleriň mineral güýjini saklamakda möhüm rol oýnaýar.

Garşy durujy.  Düşen islendik hapalaýjylara garşy durup bilýär. Sosnadan taýarlanan mürepbäni göwreli aýallara iýmek maslahat berilmeýär. Göwreli aýallar we bäbekler üçin bu önümiň howpsyzlygy doly subut edilmedi.

Sosnadan mürepbäniň taýýarlamak üçin ýumşak ýaşyl sosna gozalary ýuwlup, arassa suwda, pes otda gyzdyrmaly. Şol suwda sosna gozalaryny 4 sagatlap gaýnatmaly. Taýýar bolan çorbany sowatmaly we ýene-de gyzdyrmagy dowam etmeli. Gaýnatmak işleri 10 sagatlap dowam edýär. Her ýarym litr suwuklyk üçin 500g şeker gerek goşmaly. Gerekli mukdarda şekeri guýup, ýene-de 2,5 sagat gaýnatmaly. Taýýar bolan mürepbäni zyýansyzlandyrlan (sterilizasiýa) bankalara guýmaly. Wagt geçmegi bilen taýýar bolan mürepbe goňur reňke öwrülýär.

Sosna gozalary maý aýynyň ortalarynda ýa-da iýun aýynyň başynda gök wagty ýygylýan.

Ýollardan, zawodlardan uzakrakda ösýän sosnalaryň gozalaryny ýygnamak maslahat berilýär.

Sosnalar sagdyn bolmaly, eger-de daşynda göze ilýän tegmilleri bar bolsa, onda başga agajy saýlap almaly.

Eset Öwlýagulyýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy