Şu ýylyň 4-6-njy dekabr aralygynda Aşgabat şäherinde eýran önümleriniň sergisi geçirler. Bu barada Eýranyň daşary işler ministriniň Ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary Mehdi Safari IRIB agentligi bilen geçiren söhbetdeşliginde mälim etdi.

Mehdi Safariniň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýrana eden saparynda Prezident Ebrahim Raisä iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da ösdürmek maksady bilen Aşgabatda bu serginiň guralmagyny teklip etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa meseleleri boýunça orunbasary özüniň Türkmenistana eden saparynyň dowamynda ýurduň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bu serginiň geçirilmegi barada maslahatlaşandygyny belläp geçdi. Serginiň geçirilýän günlerinde türkmen-eýran hökümetara toparynyň duşuşygy hem gurnalar. Mehdi Safari söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň ösýändigini belläp, onuň ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna ýetip biljekdigini tassyklady.