Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da 7-nji tapgyrda taryhy waka bolup geçdi. Ýurduň güýçli klublarynyň 4-si, ýagny “Ýuwentus”, “Milan”, “Inter” hem-de “Roma” 67 ýyldan soň 1 günde ýeňlişe sezewar boldy. 18-nji sentýabrda oýnalan duşuşyklarda günüň ilkinji ýeňlişi “Intere” degişli bolup, wise-çempion “Udinezeden” soňky minutlarda 2 gol geçirdip, 3-1 hasabynda asgyn geldi. Günüň 2-nji ýeňlişinde “Ýuwentus” myhmançylykda “Serie A”-nyň täze topary “Monzadan” 1-0 utuldy. “Monza” “Serie A”-nyň taryhyndaky ilkinji ýeňşini “Ýuwentus” bilen bolan duşuşykda gazanmagy başardy. “Roma” öz meýdançasynda “Atalantadan” 1-0 asgyn geldi. Taryha geçen bu günüň 4-nji ýeňlişi “Milana” degişli bolup, çempion öz meýdançasynda “Napoliden” 2-1 utuldy. Ady agzalan bu 4 öňdebaryjy topar soňky gezek bilelikde 1955-nji ýylyň 13-nji fewralynda öz garşydaşlaryndan ýeňlipdiler. Başgaça aýdylanda, “Serie A”-da 67 ýyldan soň taryhy gaýtalandy.