20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň çykyşy diňlenilip, onda Türkmenistanyň halkara ykdysady guramalary, maliýe institutlary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze itergi bermegini maksat edinýändigini, hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigi barada belläp geçdi.

Şeýle-de çäräniň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Fatih Türkmenoglu, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy A.Andrysýakin, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.W.Blohin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Naýçen we ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýary Ilçisi M.S.Klimou dagylar çykyş etdiler.

Diplomatik korpusynyň wekilleriniň çykyşynda soňky ýyllarda geljekki ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriniň döredilendigini bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen söwda gatnaşyklarynyň bardygyny, şeýle hem Halkara Walýuta gaznasy, Bütindünýä söwda guramasy, Bütindünýä Banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygy nygtaldy. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň ýaňy ýakynda Bütindünýa Söwda Guramasynyň düzümine girmek üçin ýüz tutandygy we “goşulýan ýurt” derejesine  eýe bolandygy bellenildi. Bu bolsa sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn derejesiniň görkezijisi bolup durýar.