23-nji sentýabrdan başlap, dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäheri bolan Parižiň Eýfel diňindäki yşyklar elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin 1 sagatdan gowrak ir öçüriler. Soňky ýyllarda Ýewropanyň köp ýurdy ýaly Fransiýa hem energiýany tygşytlamak maksady bilen birnäçe maksatnamalar durmuşa geçirýär.
Öň gijesine daş-töwerege ýalkym saçýan Eýfel diňinde indi 23:45-de «garaňky düşer». Şeýlelikde, Parižiň simwolyny ýagtyltmak üçin sarp edilýän energiýa çykdajysy, takmynan, 4% tygşytlanar. Berilýän beýanatlara görä, ýurduň hökümet binalarynda, kärhanalarda we öýlerde energiýanyň sarp ediliş mukdary 10%-e çenli azaldylar.