Angliýa geçen aý iş maksady bilen “scale-up” atly täze wiza görnüşini mälim edipdi. Indi bolsa, şeýle wizany almaga isleg bildirýän daşary ýurtlulara täze ýeňillikler girizildi. Ýurtda belli bir wagt bolmaga ygtyýar berýän bu resminama iri kompaniýalary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmäge ýardam eder. “Scale-up” kategoriýasyna girýän kompaniýadan azyndan 6 aýlyk iş teklibi alan adam bu wizany almak üçin ýüz tutup bilýär. Wizany alandan soňra bolsa, iki ýyla çenli bu ýurtda ýaşap bilýär.
Bir işberijiniň “scale-up” kategoriýasyna degişli bolmagy üçin girdejisini ýa-da işgär sanyny üç ýylyň dowamynda her ýylda azyndan 20 göterim köpelden bolmagy talap edilýär. Üçünji ýylyň ahyrynda bolsa bu edaranyň azyndan 10 işgäriniň bolmagy zerurdyr. Wizany almak üçin bolsa diňe internet arkaly ýüz tutup bolýar. Angliýanyň daşynda ýaşaýanlar üç hepdede, ýurduň içinde ýaşaýanlar 8 hepdede wizanyň netijesini alýarlar. “Scale-up” wizasy üçin 715 funt sterling töleg talap edilýär. Kabul edilen ýagdaýynda bolsa, bank hasabyňda Angliýada azyndan bir aý ýaşamaga ýeterlik boljak (azyndan 1 270 funt sterling) puluň bolmagy zerurdyr. Şeýle hem saglygy goraýyş hyzmatyndan peýdalanmak üçin 624 funt sterling töleg edilmeli.