Awtoulag şaýlaryny öndürýän “Denso” kompaniýasy “Obayashi” inženerçilik kompaniýasy bilen bilelikde elektroulaglara zarýad berýän ulgamy synagdan geçirýärler. Simli geçirijisi bolmadyk ýoluň 2025-nji ýyla çenli taýýar edilmegine garaşylýar. Ilkinji synag “Obayashi” toparynyň Tokýodaky ylmy-barlag merkezinde geçirildi. Kiçiräk elektroulag sagatda 15 kilometr tizlik bilen ýoluň aşagynda ýerleşdirilen yzygiderli elektrik akymy bolan ýolda hereket etmegi başardy. Synag wagtynda ulagyň gysga wagtlap togtandygy mälim edildi.

Bu tehnologiýada ýoluň ýüzündäki magnit meýdany (elektromagnit) emele gelip, ýoluň astyndaky bobinlerden gelýän elektrik akymy, ulagyň aşagynda berkidilen bobinler bilen täsirleşip, elektrik akymyny döredýär.

Nurmyrat Akmyradow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby