“Mercedes” kompaniýasy “eActros LongHaul” atly kuwwatly elektrik ýük ulagyny tanyşdyrdy. Bu ulagyň öndüriljekdigi barada 2020-nji ýylda mälim edilipdi. Gannowerde geçirilýän “IAA Transportation 2022” atly täjirçilik maksatly ulaglaryň sergisinde görkezilen ulagyň entek nusgalyk görnüşdigi mälim edildi. Ulagyň öň tarapy tutuşlygyna ýapyk panel görnüşinde dizaýn eilipdir. Bu paneliň aşagynda insiz LED çyralar geçýär. Ulagyň gapdal aýnalarynyň deregine kameralar oturdylypdyr. Bu bolsa ulagyň aerodinamiki gurluşyna goşant goşýar.
600 kW/sagat kuwwaty bolan äpet batareýa oturdylan ulagyň ýük göterijiligi 40 tonna. Ulag bir gezekki zarýady bilen 500 kilometre çenli ýol geçip bilýär. Uly ulaglar üçin niýetlenen ýörite beketler arkaly 30 minutda 80 göterime çenli zarýad berip bolýar. Bu bolsa ulagyň ýarym sagatlyk zarýad bilen 300 kilometr ýol geçip biljekdigini görkezýär.
Ýük ulagynyň batareýasy üçin litiý, demir, fosfat ulanylyp, batareýanyň ulanyş möhletiniň uzaldylmagy üpjün ediler. “Mercedes”-iň esasy maksady elektrik energiýasy bilen işleýän bu ýük ulagynyň özi bilen deňeçer adaty ýangyçly ulag ýaly çydamly bolmagynda ybarat. Kompaniýa 2023-nji ýylda ulagyň önümçilige taýýar görnüşini çykarar.
Söhbet Annaýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby