Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk we myhmanhana kompaniýasy “Hilton” Ýeriň orbitasynda gurulmagy meýilleşdirilýän “Starlab” kosmos bekedini dizaýn eder. “Voyager Space” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Daýlan Teýlor “Hilton”-yň bu taslama düýbünden başgaça çemeleşendigini mälim etdi. “Starlab” kosmos bekedi “Lockheed Martin”, “Voyager Space” we “Nanoracks” kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilýär. “Hilton”-yň hünärmenleri ekipaža we kosmos syýahatçylaryna niýetlenen otaglary dizaýn etmek bilen bir hatarda, bu stansiýanyň marketinginde, ýagny müşderilere tanyşdyrylmagynda we mahabatlandyrylmagynda hem ýardam berer. Täze dizaýn kosmosda uzak wagtlap galýan adamlaryň rahatlygyny üpjün eder.

“Hilton”-yň ýolbaşçysy Kristofer Nassetta kosmosdaky açyşlaryň onlarça ýyldan bäri Ýerdäki durmuşa oňyn täsir edýändigini belläp, indi bolsa “Hilton”-yň adalaryň syýahat edýän ähli ýerinde myhmanlaryň rahatlygyny üpjün etmek mümkinçiligine eýe boljakdygyny aýtdy.

2027-nji ýyla çenli gurulmagy meýilleşdirilýän “Starlab” Ýeriň aşaky orbitasynda syýahatçylyk, ylmy barlaglar we önümçilik merkezi hökmünde hyzmat eder.

Nurmuhammet Gurtgeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby