Hytaýyň “Alibaba” tehnologiýa ägirdi “bulut” tehnologiýasyny kämilleşdirmäge 1 milliard dollar maýa goýum özleşdirer. Kompaniýa bu maýa goýumy geljek üç maliýe ýylynyň dowamynda hyzmatdaşlarynyň tehnologiýa innowasiýasyny we “Alibaba Cloud”-yň bazarynyň giňeldilmegi üçin bölüp berler. “Alibaba Cloud” häzirki wagtda “bulut” tehnologiýasynda dünýäniň iň uly üçünji kompaniýasy bolup, “Salesforce”, “Vmware”, “Fortinet”, IBM we “Neo4j” ýaly şereketler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Elektron söwda bilen meşgullanýan “Alibaba”-nyň “bulut” hyzmaty soňky ýyllarda kompaniýanyň girdejisini görnetin artdyrmaga ýardam edipdi.

“Bulut” tehnologiýasy  ulanyjylara internet arkaly maglumat we programmalary paýlaşmaga mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa täzeliklere has çalt ýetmegi, çeşmelere elýeterliligi üpjün edýär.

Aýnagözel Gulhanowa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby