Her ýylyň 24-nji sentýabrynda üýtgeşik hünär baýramy bolan Halkara kerwensaraý güni kerwen
ýolbaşçylary, gämi kerwenleri, ýük daşaýan ulaglaryň, söwda we eksport gämileriniň dolandyryjylary tarapyndan bellenilýär. Bu hünär baýramçylygy 1995-nji ýylda Halkara ýük ulaglaryny dolandyryş Assosiasiýasy (ICHCA) tarapyndan döredildi. Bu sene XVI-XVII asyrlarda ýaşan meşhur iňlis deňizçi we nawigator William Adamsyň doglan güni hökmünde saýlandy. Ol Ýaponiýanyň kenaryna çykan ilkinji ýewropaly hasaplanýar. “Kerwen” sözi ilkibaşda bilelikde syýahat edýän adamlaryň we olaryň ýük ýüklenýän haýwanlary bilen bilelikdäki toparyny aňladýardy. Düzgün bolşy ýaly, söwdagärler howply ýerlerde özara kömek
üçin topar döredipdirler. Iň meşhur kerwen ýoly Hytaýy Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşdyrýan we b. e. öň. II asyrdan bäri tanalýan Beýik ýüpek ýoludyr. Şeýlelikde “kerwen” ady uzak aralyklara haryt daşaýan ulag gämileriniň kerwenine çenli ýaýrady.
Atanyýaz AGAGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy