Şu gün – 24-nji sentýabrda ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde gurlan döwrebap Ýolagçy awtomenzilleri dabaraly ýagdaýda açyldy. Açylyş dabaralaryna sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz gatnaşdy.
Mary welaýatyndaky Ýolagçy awtomenziliniň gurluşygy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onuň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 700 ýolagça niýetlenip, ol ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda üznüksiz awtobus, döwlet taksileriniň gatnawlaryny üpjün eder. Ýolagçy awtomenziliniň umumy meýdany 3 gektara barabar.
Desganyň birinji gatynda 140 ýolagça niýetlenen garaşylýan zal, ýolagçylar üçin iki sany çykalga, sorag-jogap nokady, awtobus, demir ýol we howa gatnawlary üçin petek satyş kassalary, iş otaglary, goş saklanýan kamera, garbanyşhana, dermanhana, lukmançylyk otagy, aragatnaşyk otagy, dükanlar, market we beýleki desgalar ýerleşýär. Baş binanyň ikinji gatynda çagaly ýolagçylar üçin zal, çagalar üçin oýun meýdançasy, gözellik salony, kafe, eneler we çagalar otagy, namaz otagy, dükanlar göz öňünde tutulypdyr.
Awtomenzil desgasynyň açyk awtoduralgalarynyň meýdany 2150 inedördül metre deň bolup, 100 awtoulag üçin niýetlenipdir. Üsti ýapyk duralgalaryň meýdany 2100 inedördül metre deň bolup, ol taksileriň 112-si üçin niýetlenendir.
Desganyň binalary häzirki zaman ulag-kommunikasiýa desgalaryndan edilýän talaplara doly laýyk gelýär. Awtobuslaryň hereketine gözegçilik edilişi, petekleriň alnyşy, döwrüň talabyna laýyklykda, sanly ulgam esasynda amala aşyrylýar.