UEFA Çempionlar Ligasynda bolşy ýaly, UEFA Super Kubogynda ýeňiji üýtgemedi. Awstriýanyň Salsburg şäherindäki «Red Bull Arena»-da oýnalan UEFA Super Kubogy duşuşygynda Çempionlar Ligasynyň ýeňijisi PSŽ bilen Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi “Aston Willa” duşuşdy.

Çekeleşikli geçen oýna 27 müň 681 janköýer tomaşa edip, duşuşykda somalili Omar Artan jürlewük çaldy. Mälim bolşy ýaly, ol Dünýä Kubogyna çagyrylsa-da, ABŞ-na girip bilmändi. Omar Artan UEFA-nyň klub ýaryşlarynda eminlik eden ilkinji ýewropaly bolmadyk emin hökmünde taryha girdi.

Duşuşyga iňlis kluby hüjümler bilen başlan hem bolsa, PSŽ oýnuň jylawyny ele almagy başardy. Duşuşygyň 20-nji minutynda Hwiça Kwarasheliýa owadan urgy bilen parižlileri öňe saýlady. Iňlis toparynyň bu gola jogaby 1-nji ýarymyň ahyrynda boldy. Oýnuň 45-nji minutynda 17 ýaşyndaky Braýan Madžo hasaby deňledi.

2-nji ýaryma hem iňlisler erjel başlady. Ýöne 61-nji minutda garşylyklaýyn hüjümde Desire Due PSŽ-ni öňe geçirdi. Bu gola Unaý Emeriniň şägirtleri jogap bermek üçin tagalla baryny etselerem, olara hasaby deňlemek başartmady. Hatda PSŽ toparyna aratapawudy açmaga mümkinçilikler hem boldy. Netijede, duşuşyk 2-1 hasabynda PSŽ-niň ýeňşi bilen tamamlandy. PSŽ topary UEFA Super Kubogyny bassyr 2-nji gezek gazanan 3-nji topar hökmünde hasaba alyndy. PSŽ-den öň “Milan” 1989-90-njy ýyllarda hem-de “Real Madrid” 2016-17-nji ýyllarda yzly-yzyna bu kubogy asmana göteripdi.

Tälimçi Luis Enrike 3-nji gezek UEFA Super Kubogyny gazandy (2015, 2025, 2026). Ispaniýaly hünärmenden öňde italiýaly Karlo Ançelotti (5) bilen ispaniýaly Pep Guardiola (4) bar.

Unaý Emeri 2014-nji, 2015-nji, 2021-nji ýyllardan soň, 4-nji gezek Super Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Ussat tälimçiniň häzirlikçe UEFA Super Kubogynda ýeňşi ýok.

“Aston Willanyň” ýeke-täk goluny geçiren Madžo UEFA Super Kubogynda tapawutlanan iň ýaş oýunçy boldy. Bu ugurda ozalky rekord Patrik Kluiwerte degişlidi (19 ýaş).

 

PSŽ: Safonow — Hakimi, Markiniuos, Paço, Nunu Mendeş (Lukas Hernandes 74) — Žoao Neweş (Fabian Ruis 75), Witinýa, Zair-Emeri — Akliuş (Dembele 46), Due (Maýulu 87), Kwarasheliýa (Lukas Beraldo 88); Tälimçi: Luis Enrike

ASTON WILLA: Bizot — Keş, Lindelöf, Pau Torres (Mings 80), Maatsen — MakGinn (Alisson 72), Žoao Gomes (Barkli 80), Kamara (Bogard 72), Hemmings — Buendia, Madžo (Abraham 72); Tälimçi: Unaý Emeri