12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forumyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, gojaman Hazar dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde giňden tanalýar. Ol özüniň gaýtalanmajak tebigy aýratynlyklary, baý biologik köpdürlüligi, ykdysady, geosyýasy ähmiýeti bilen bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Taryhyň dowamynda Hazar halklary birleşdirip, olaryň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge oňaýly şertleri döredip geldi. Döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň täsin ekoulgamyny, biologik köpdürlüligini, seýrek duş gelýän ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda halkara guramalar, Hazarýaka döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, ýurdumyzyň öňe sürýän Hazar ekologik başlangyjynyň deňziň ekoulgamyny goramakda, tagallalary birleşdirmekde we geljek nesiller üçin bu täsin tebigy baýlygy aýawly saklamakda möhüm ädimleriň biridigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy foruma gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlaryna orun berildi.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary esasynda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşini daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen ekologiýa syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, biodürlüligi goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Hazar sebitinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda başlangyçlar üstünlikli amala aşyrylýar.

Çykyşlarda Hazarýaka döwletleriň bäşisi tarapyndan tassyklanan döwletara we hökümetara ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň degişli edaralarynyň alyp barýan işleri barada-da maglumat berildi. Nygtalyşy ýaly, Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek möhüm wezipeleriň hataryndadyr. Bu ugurda “Hazar” döwlet goraghanasy deňziň ösümlik, haýwanat dünýäsini gorap saklamakda we öwrenmekde uly orny eýeleýär. Goraghana Hazar sebitinde ýaşaýan seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan ösümliklerdir haýwanlaryň, şol sanda Hazar düwlenleriniň, balyklaryň, guşlaryň dürli görnüşleriniň, beýleki haýwanlaryň goragyny üpjün edýär.

Soňra daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara we sebit guramalarynyň wekillerine söz berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Hazar deňzi dostlugyň, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň, ylalaşygyň deňzi bolmak bilen, sebit ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini, taryhy gatnaşyklaryny baglanyşdyrýar. Hazarýaka döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylmagy sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berk binýadyny emele getirýär. Kenarýaka ýurtlar Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi hökmünde saklamak ugrunda edilýän ähli tagallalary doly goldaýarlar. Bäş ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilýän Hazar sammitleri, Hazar ykdysady forumlary hem-de daşary işler ministrleriniň derejesindäki duşuşyklar, beýleki çäreler köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge ýardam edýär.

Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem barha giňeldilýär. Hususan-da, Ýewropa bilen Merkezi Aziýany baglanyşdyrýan esasy ugur bolan Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge, ýük daşamalaryň wagtyny gysgaltmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, Hazar deňzi hem ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Bu mesele ylmy taýdan esaslandyrylan, bilelikdäki çemeleşmäni talap edýär. Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi 2022-nji ýylda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde guralan duşuşyklarda deňziň derejesiniň peselmeginiň öňüni almak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň bu ugurda durmuşa geçirýän başlangyçlaryna we bilelikde iş alyp barmak üçin döredilýän mümkinçiliklere ýokary baha berdiler.

Maslahata gatnaşyjylar BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul edilen 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň ähmiýetine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, sebitleýin integrasiýa, üstaşyr gatnawlar hem-de ulag arabaglanyşygy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly beýan edilen düzümleýin özgertmelerdir çäreler Hazar sebiti hem-de Merkezi Aziýa üçin aýratyn möhümdir.

Çykyşlarda ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlarynyň ähmiýeti barada-da durlup geçildi. Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar we çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezlerini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürmegi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Mundan başga-da, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň çäklerinde 20 ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn berildi. Bu konwensiýanyň özboluşlylygy onuň ekologiýa we tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak çygrynda Hazar sebitiniň döwletleriniň gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ilkinji halkara hukuk namasy bolmagydyr. Konwensiýa onuň binýadynda kabul edilen ýörite Teswirnamalar arkaly taraplaryň borçlaryny has takyk kesgitlemäge, ekologik wehimlere çalt seslenmäge mümkinçilik berýär.

Tähran konwensiýasy uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda we daşalanda hapalanmagyň öňüni almak, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly möhüm ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlyk üçin esasy meýdança bolup hyzmat edýär. Çykyş edenler konwensiýadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin köpugurly çemeleşmäniň zerurdygyna ünsi çekip, öňde durýan meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmegiň, ugurdaş edaralaryň hem-de hünärmenleriň arasynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin ylmy ulgamlary berkitmek, maglumat alyşmalary giňeltmek, tutuş sebit boýunça ylmy-barlag institutlaryny birleşdirýän Hazar ylym hyzmatdaşlygyny döretmek barada teklipler beýan edildi.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň uly geljeginiň bardygy nygtaldy. Ol syýasaty, ylmy, maliýe serişdelerini we innowasiýalary birleşdirýän platforma öwrülip biler. Şeýle hem ol howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek, ekoulgamlary dikeltmek babatda alnyp barylýan işleri tizleşdirip biler.

Şeýle-de çykyşlarda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde ýaşlaryň orny aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, ýaşlar bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly çäreleri durmuşa geçirýärler hem-de ekologik başlangyçlary öňe sürýärler. Hazar sebitinde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek diňe bir geljege goýulýan maýa bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki çözgütleriň durmuşa geçirilmeginiň hem baş şertidir.

Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär edýän senedigini nygtadylar hem-de Hazaryň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilişini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.