ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlarynda bilim derejesini we eksport mümkinçiligini artdyrmaga gönükdirilen täze ykdysady başlangyç hökmünde 25 million dollar bölüp bermekçi. Bu barada Nýu-Ýorkda Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň daşary işler ministrleriniň hem-de Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisiniň gatnaşmagynda C5+1 görnüşinde geçirilen duşuşykda ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken mälim etdi.
Mundan başga-da, C5+1 formatynyň institusional ýardam we gazanylan şertnamalaryň utgaşykly berjaý edilmegi boýunça işleri üpjün etmek maksady bilen döredilen Wirtual Sekretariaty işe girizildi. Sebitiň ykdysady howpsuzlygyny we özara gatnaşyklaryny ösdürmek, azyk we energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de adam hukuklaryna ygrarlylygy güýçlendirmek baradaky başlangyçlar hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda türkmen tarapy çykyş edip, syýasy we durmuş-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmäge, özara maýa goýumlaryny, infrastrukturany, transport we aragatnaşyk, sosial we energiýa taslamalaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem duşuşykda häzirki wagtda sebitde öňe çykýan möhüm meseleler, şol sanda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen söwda we ykdysady gatnaşyklaryň möçberini giňeltmegiň çäklerinde tagallalary birleşdirmekligi ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar hususy pudagy ösdürmek, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri, häzirki zaman “ýaşyl” tehnologiýalary işläp taýýarlamak, suw gorlaryny dolandyrmak, infrastrukturany meýilnamalaşdyrmak we gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek, şeýle hem bilim mümkinçilikleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar.