Alymlar uzak wagt bäri planetadaky plastikanyň mukdaryny azaltmagyň ýollaryny gözleýärler. Munuň üçin bu önüme dürli alternatiwalar döredilýär. Olaryň käbiri iýmitden ýasalýar. Şeýle oýlap tapyşlaryň biri ispaniýaly alymlar tarapyndan hödürlendi.
Malagadaky Subtropik we Ortaýer deňiz institutynyň alymlary pomidor gabygyndan bioplastik ýasadylar. Adatça, gök önümiň bu bölegi sous, tomat pastalary we şuňa meňzeş önümleriň senagat önümçiliginden soň ulanylmaýar. Alymlar bu önümleri gaýtadan işlemegiň peýdaly usulyny ýola goýmak kararyna geldiler we olary bioplastik öwürdiler. Adaty bir plastikanyň dargamagy üçin 450 ýyl gerek bolýan bolsa, bu bioplastigiň bir aýyň içinde çüýräp biljekdigi habar berilýär. Ispan alymlary bu usulyň birbada azyk galyndylaryny zyňmak we planetamyzyň hapalanmagynyň öňüni almak ýaly birnäçe meseläni çözmäge kömek etjekdigine ynanýarlar.
Täze önüm entek satuwa çykarylmady, emma ony işläp taýýarlaýjylar ýakyn wagtda bu önümiň täjirçilik maksatly önümçiligini ýola goýmagy maksat edinýärler.
Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby