Ygtybarlylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan “Volvo” kompaniýasy “EX90” atly SUV elektroulagynda ilkinji ulagiçi radaryny oturdar. Şwed kompaniýasy 1959-njy ýylda dünýäde ilkinji gezek üç nokatly (egniň ýokarsyndan hem-de biliň iki gyrasyndan) berkidilýän howpsuzlyk kemerini tanyşdyrypdy. 60 ýyldan bäri dünýädäki ähli awtoulaglaryň howpsuzlyk kemerleri sürüjini we ýolagçylary üç ýerinden berkidýär. Indi bolsa “Volvo” ulagyň içinde radar ulgamyny ýerleşdirer. Bu ulgam ulagyň içinde adam bar wagty gapynyň gulplanmagynyň öňüni alýar. Millimetrden kiçi zatlaryň hereketlerini hem duýup bilýän ulgam bagažda hem işleýär. Bu ulgam dem alşy hem duýup bilýär. Şeýlelikde, ulagyň içinde ýatdan çykyp galan öý haýwanlarynyň howasyzlyk sebäpli heläk bolmagynyň hem öňi alnar.