Şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Däp bolşy ýaly, bu ýerde baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň esasy girelgesindäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylary, baýramçylyk dabaralaryna gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz toplumyň esasy münber binasyna tarap barýan ýoluň ugrunda suratkeşleriň, nakgaşlaryň, zergärleriň we heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewleriniň gözelligini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan edýän döredijilik işleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisini, şeýle-de türkmen milli göreşini synlady.

Soňra baýramçylyk at çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde öz okgunlylygyny hem-de çalasynlygyny görkezdiler. 1600, 1800, 2200 metr aralyga guralan çapyşyklaryň her birine atlaryň 10-sy gatnaşdy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasynda çapyşyklaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.