“Del­fast” şe­re­ke­ti bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 160 ki­lo­metr ýol ge­çip bol­ýan we­lo­si­pe­di­ni ta­nyş­dyr­dy. Kuw­wa­ty 960W/sa­gat he­re­ket­len­di­ri­ji­si bo­lan we­lo­si­pe­diň daş­ky şe­ki­li örän ýö­ne­keý. Ýo­ka­ry tiz­li­gi sa­gat­da 45 km bo­lan iki ti­gir­li ula­gyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän mo­to­ry­nyň güý­ji ba­bat­da iki gör­nüş­li­si bar. Ola­ryň bi­ri­niň kuw­wa­ty 750Wa­ta, ikin­ji­si­niň­ki 1 000Wa­ta deň. Bu he­re­ket­len­di­ri­ji­ler ula­gyň dik de­pe­le­re hem kyn­çy­lyk­syz çyk­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le hem bu we­lo­si­ped dür­li ýol şert­le­rin­de hem ulan­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.
We­lo­si­pe­diň ki­çi, ýö­ne in­li te­ker­le­ri bar. Ak, gy­zyl we gök reňk­li gör­nüş­le­ri bo­lan we­lo­si­ped pu­lu­ny öňün­den ge­çi­ren­le­re “In­die­go­go” saý­ty­nyň üs­ti bi­len 2 müň dol­lar­dan sa­ty­lar. Bö­lek söw­da­da bol­sa onuň ba­ha­sy iki es­se gym­mat bo­lar.