27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki dünýäniň iň beýik binasy bolan “Burj Halifanyň” ýüzi ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekiline beslendi. Örän täsirli görnüş beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwşün atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi. Munuň özi dostlugyň we doganlygyň özboluşly aýdyň nyşany boldy.
Ýokarlygyna inçelip gidýän 180 metrlik ýalpyldaýan bölegi metal gurnamalaryndan ybarat bolan bu belent bina Dubaýyň işewürlik merkeziniň esasy nyşanydyr. Şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýýanyň hormatyna atlandyrylan bu binanyň dabaraly açylyşy 2010-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirildi.