Birleşen Arap Emirlikleriniň Emeli aň (AI), sanly ykdysadyýet we uzakdan işlemek boýunça döwlet ministri Omar Bin Sultan Al-Olama maliýe pudagynyň geljeginiň kripto pul birligi bilen berk baglanyşyklydygyny aýtdy. Ministriň sözlerine görä, sanly pul birlikleriniň geljeginiň tölegler, bank ulgamy we maýa goýum ýaly ugurlardaky birnäçe meselelerde tapawutlanjakdygyny belleýär. Döwlet ministri sanly pul birlikleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy üçin zerur bolan kadalar ýola goýlanda, täze tehnologiýalardan peýdalanyljakdygyny mälim etdi. Munuň üçin täzeçillik we bu täzeçilligiň kabul edilmegini höweslendirmek, kadalaşdyryjy düzgünleri ýola goýmak we global derejede hyzmatdaşlyga goldaw bermek isleýändiklerini aýtdy.
Röwşengeldi Abaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy